“Mahmal Zip” Hojalyk jemgyýeti, Türkmenistanda ýerleşýän “Biýat” holdingiň bir bölegi bolup durýar. Türkmenistanda içgi önümçiliginiň hilini halkara standartyna ýetirmek isleýän öňdebaryjy ýaş hünärmenler tarapyndan esaslandyryldy. 2014-nji ýylda “Mahmal Zip” Germaniýa markasy bolan “Sinalco” toparynyň düzümine girdi. Häzirki wagtda “Sinalco”-nyň Türkmenistandaky wekili bolan “Mahmal Zip” ýewropanyň standartlaryna we tagamlaryna laýyk gelýän içgileriň bir toparyny öndürýär. “Sinalco” içgileriniň ň Türkmenistandaky görnüşleriniň arasynda “Sinalco Cola”, “Sinalco Orange”, “Sinalco Zitrone”, “Sinalco Jump” we “Sinalco Fresco” ýaly içgiler bar. Türkmenistanyň bazary üçin ýörite bir liniýa bolan “Sinalco YEKE TAK” hem, bu bazarda “Sinalko” beýleki içgiler bilen deň derejede üstünlige eýe boldy we şu güne çenli diňe paýtagtyň dükanlarynda däl, eýsem Türkmenistanyň ähli sebitlerinde satylýar. Häzirki wagtda kompaniýamyzda 100-e golaý adam işleýär.

BIZIŇ TARYHYMYZ

Jadylyk 1902-nji ýylda başlanypdy. Meşhur tebip Fridrih Eduard Bils we uzakdan görüji senagatçy hem-de içgiler boýunça bilermen Frans Hartmann tarapyndan “Bilz-Lemonade” döredildi. Olar gidratasiýany dikeltmegiň, ýokumlaryň we kuwwatlyk beriji tagamyň kömegi bilen işçileriň güýç-kuwwatyny saklajak içgini ýasamak isläpdirler. Häzirki günde hem biz her kime güýjini dikeltmekde we kuwwatlyk bermekde bu wezipä eýermäge çalyşýarys. Biziň adymyz ýokary hil, tagam we energiýa bilen manydaş söze öwrüldi we dünýäniň islendik ýerinde biziň meşhur nyşanymyzy göreniňizde, bu gymmatlyklary özünde jemleýän önümi saýlandygyňyzy bilmelisiňiz.

history-bottles.png

1905 - 1963-nji ýyllar aralygyndaky döwür

1905-nji ýylda, “AT” saýlamak boýunça bäsleşik geçirilenden soňra, Sinalko kompaniýasy peýda boldy. Bu ady dakmak pikiri öz başlangyjyny latyn dilindäki “sine Alcohole (alkogolsyz) sözlerden alyp gaýdýar we bu at bütindünýä söwda belligi hökmünde hasaba alyndy. 1937-nji ýylda, Sinalkony bütin dünýäde aňsat tanalýan marka öwüren “Gyzyl Nokat” haryt nyşany döredildi. 1950-nji ýylda öwrülişik döreden dizaýnly Sinalko nusgawy çüýşesi işlenip düzüldi. Munuň netijesinde 1960-njy ýyllarda bu marka umumylaşan häsiýete eýe boldy.

1964 - 2000-nji ýyllar aralygyndaky döwür

Bu döwürde Sinalko Ýewropada ady belli alkogolsyz içgä öwrüldi. 1979-njy ýylda meşhur “Die Sinalco schmeckt” aýdym-sazy Sinalkonyň sesli mahabat nyşany hökmünde kabul edildi. Bu heň häzirki döwüre çenli janly we herekete getiriji bolup galmak bilen, ony tutuş Germaniýada mähir bilen ýatlaýarlar. Sesli mahabat biziň nyşanymyzdyr, özboluşly çüýşämiziň şeýle üstünlige ýetmegi bilen, Sinalko markasy “limonad” sözi bilen manydaş söze öwrüldi. 20-nji asyryň ikinji ýarymynyň dowamynda biz “Gyzyl Nokat” hakyky we tanalýan nyşanymyzy saklap geldik hem-de Ýewropada we dünýäde tanalýan markamyzy has hem berkitdik. Müňýyllygyň gelip ýetmegini bellemek üçin çüýşämiziň täzelenmegine garamazdan, “Gyzyl Nokat” nyşanymyz biziň özboluşlylygymyzyň özeni bolup galdy.

2001 - 2009-njy ýyllar aralygyndaky döwür

Täze müňýyllygyň ruhuna eýerip, dünýä üçin täze we tolgundyryjy tagam öwüşginlerini bermek üçin Sinalco kompaniýasy XXI asyryň ilkinji ýyllaryny önümleriniň görnüşlerini giňeltmeklige başlady. 2005-nji ýylda biz öz 100 ýyllygymyzy belledik. 2007-nji ýyldan Sinalco “Germaniýanyň standartlary” birleşigi tarapyndan “Asyryň markasy” diýlip ykrar edildi.

2010-njy ýyldan biziň günlerimize çenli

2010-njy ýylda, täze onýyllyga girenimizde, biziň markamyzyň keşbini täze eýýama uýgunlaşdyrmagyň wagty geldi we biziň meşhur “Gyzyl Nokat” nyşanymyz öz mirasyny ýitirmezden, täze döwrebap talaplara laýyklykda, 3D görnüşine geçirildi. Bu nyşanymyzyň üýtgemegine sezewar bolan bolmagy mümkin, emma biziň wezipämiz we biziň ýaşaýyş usulymyzyň hili öňküligine galdy we hemişe bolşy ýaly, Sinalko özüne wepaly bolup galýar.

go top